Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hong Konguň ýerli saýlawlarynda demokratik dalaşgärler sesleriň aglabasyny aldylar


Ses bermäge rekord derejede adamyň gelendigi bellenilýär. Hong Kong. 24-nji noýabr, 2019 ý.
Ses bermäge rekord derejede adamyň gelendigi bellenilýär. Hong Kong. 24-nji noýabr, 2019 ý.

Hong Kongda 24-nji noýabrda etrap geňeşine geçirilen saýlawlarda demokratik gymmatlyklaryň tarapynda çykyş edýän syýasy güýçleriň sesleriň aglabasyny alandygy aýdylýar.

Alty aý bäri hökümete garşy geçirilýän protestleriň fonunda, ses bermäge rekord derejede adamyň gelendigi bellenilýär.

Saýlaw uçastoklary ýapylmazyndan bir sagat ozal berlen maglumata görä, ses bermäge hukugy bolanlaryň 70%-i, ýagny 2.9 million adam öz sesini bermäge gelipdir.

Deslapky maglumatlara görä, Hytaýyň ýarym-awtonom sebitinde demokratik dalaşgärler 18 etrap geňeşi boýunça 452 ornuň ýarpysyndan gowragyny almagy başarypdyr.

Etrap geňeşleriniň kanunlary kabul etmäge ygtyýarlygy ýokdur. Olar ýollaryň, mekdepleriň gurluşygy ýaly meseleler boýunça maslahat berýärler.

Emma, soňky alty aýyň dowamynda geçirilýän demokratiki hereketler nazarda tutulanda, häzirki netijeler has täsirli kanun çykaryjy geňeşine geçiriljek saýlawlary üçin bir yşarat bolup biler.

Ýerli RTHK habar gullugynyň 25-nji noýabrda beren maglumatyna görä, demokratik dalaşgärler etrap geňeşiniň 452 ornunyň 390-ny, ýa-da 90%-ni almagy başarypdyr.

XS
SM
MD
LG