Ukrainanyň Futbol Assosasiýasy (UFA) kanun goraýjy edaralaryna ýüzlenip, assosasiýanyň ozalky prezidentini 380 million ýewro, ýagny 418 million dollar möçberindäki maliýe serişdesini öz hasabyna geçirendigi aýyplamasy esasynda derňemegi sorady.
Ukrainanyň Futbol Assosasiýasynyň Facebook hasabynda ýerleşdirilen ýazgyda aýdylmagyna görä, assosasiýa Derňewler boýunça Döwlet Býurosyna, Baş prokuratura we Içeri işler ministrligine ýüz tutup, UEFA-nyň 1999-2006-njy ýyllar aralygynda beren 380 million ýewro möçberindäki maliýe serişdesiniň maksada laýyk harçlanyp-harçlanmandygyny derňemegi sorapdyr.
Ukrainanyň Futbol Assosasiýasy 6-njy sentýabrda Germaniýanyň Der Spiegel žurnalynda çykan makalanyň esasynda kanun goraýjy edaralaryna ýüz tutdy.
Maglumatda 17 ýylyň dowamynda berlen maliýe serişdeleriniň Ukrainanyň Futbol Assosasiýasynyň uzak wagtlyk prezidenti we “Dinamo Kiýew” futbol toparynyň eýerleriniň biri Ihor Surkise degişlidigi aýdylýan kärhananyň üstünden geçendigi bellenilýär.
Häzir syýasat bilen meşgullanýan Ihor Surkis Der Spiegel žurnalyna iberen emeýllerinde özüne bildirilýän aýyplamalary “esassyz” atlandyryp, olary inkär etdi.