Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rumyniýada Iohannis ikinji möhlete prezident saýlandy


Rumyniýanyň prezidenti Klaus Iohannis

Rumyniýanyň Günbatar tarapdar prezidenti Klaus Iohannis ikinji möhlete ýurt baştutany saýlandy.

Soňky deslapky maglumatlara görä, Iohannis sesleriň 66%-ni almagy başarypdyr. Dalaşgärleriň beýlekisi, çepçi ozalky premýer-ministr Wiorika Dançila sesleriň 34%-e golaýyny alypdyr.

“Men ähli rumynlaryň prezidenti boljakdygyma söz berýärin... Rumyniýa ýeňdi. Şu gün döwrebap Rumyniýa, ýewropaly Rumyniýa we oňat Rumyniýa ýeňdi. Rumynlar şu günüň hakyky gahrymanlary boldular ” diýip, Iohannis Buharestde märekäniň öňünde çykyş etdi.

Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň maglumatyna görä, 24-nji noýabrdaky saýlawlarda ses bermäge hukuky bolan 18.2 million adamyň 50% töweregi sesini beripdir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG