Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyzystanda protestçiler korrupsiýa dawasynyň “talaba laýyk” derňelmegini talap edýärler


Protestçiler korrupsiýa aýyplamalarynyň “talaba laýyk” derňelmegini soradylar.

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde 2 müň töweregi protestçi Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň, Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary taslamasynyň, Gyrgyzystanyň Kloop habar neşiriniň ýurduň gümrük gullugyndaky giň ýaýran korrupsiýa we ýurtdan uly möçberlerde pul çykarylyşy boýunça bilelikde geçiren derňewiniň merkezinde durýan adamlaryň “jezalandyrylmagyny” sorap, ýöriş geçirdiler.

25-nji noýabrda geçirilen demonstrasiýada protestçileriň ellerinde “Biz kanunyň hökmürowanlygyny talap edýäris”, “Ogrularyň ýeri türmedir” diýen ýazgyly plakatlary hem görse bolýardy.

Protestçiler korrupsiýa aýyplamalarynyň “talaba laýyk” derňelmegini soradylar.

Hytaýly etniki uýur, 37 ýaşyndaky Aierken Saimaiti 10-njy noýabrda Stambulda atylyp öldürilmezinden öň žurnalistlere Gyrgyzystanyň ozalky gümrük başlygy we kölegedäki uýgur biznes guramasy, olaryň harytlaryň dokumentlerini galplaşdyrmak we salgytdan gaçmak arkaly, bikanun shemalar esasynda ýüzlerçe million dollary daşary ýurtlara çykaryşlaryny görkezýän maglumatlary beripdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG