Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürji polisiýasy protestçileri dargatmak üçin suw toplaryny ulandy


Tbiliside polisiýa protestçileri dargatmak üçin suw toplaryny ulandy.
Tbiliside polisiýa protestçileri dargatmak üçin suw toplaryny ulandy.

Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside polisiýa protestçileri dargatmak üçin suw toplaryny ulandy we birnäçe aktiwisti tussag etdi. Mundan birnäçe sagat öň, ençeme müň adam saýlaw reformalaryny talap edip parlament binasynyň daşynda ýygnanypdy.

Içeri işler ministrligiň 26-njy noýabrda beren maglumatyna görä, “polisiýa boýun bolmazlykda we huligançylykda” aýyplanyp 29 protestçi saklanypdyr. Olaryň arasynda oppozisiýadaky Birleşen Milli Hereket toparynyň iki agzasynyň hem bardygy aýdylýar.

Saglyk ministrligi dört adamyň ýaralanandygyny, üçüsiniň hem keselhana ýerleşdirilendigini mälim etdi.

Polisiýa parlament binasynyň girelgelerine gözegçilik edýär.

XS
SM
MD
LG