Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Albaniýada ýer titremede azyndan 13 adam öldi, ýüzlerçesi ýaralandy


Prezident Ilir Meta “weýrançylygyň aşagynda galanlary halas etmek boýunça ähli çäreleriň görülýändigini” aýtdy.

Albaniýada dörän ýer sarsgynynda azyndan 13 adam öldi we 300-e golaýy ýaralandy, şeýle-de binalar weýran boldy.

ABŞ-nyň Geologiýa gözegçilik gullugynyň maglumatyna görä, 6,4 bal derejedäki ýer titremäniň episentri paýtagt Tirananyň 30 kilometr demirgazyk-günbatarynda bolupdyr.

Prezident Ilir Meta “ýagdaýyň örän pajygalydygyny” aýtdy. Ol “weýrançylygyň aşagynda galanlary halas etmek boýunça ähli çäreleriň görülýändigini” hem sözüne goşdy.

Premýer-ministr Edi Rama goňşy ýurtlaryň, Ýewropa Bileleşiginiň we ABŞ-nyň kömek teklibini edendigini mälim etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG