Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň dört ýyl möhlet bilen sport ýaryşlaryndan çetleşdirilmegi mümkin


Russiýanyň Dopinge garşy agentliginiň (RUSADA) Moskwadaky edarasy
Russiýanyň Dopinge garşy agentliginiň (RUSADA) Moskwadaky edarasy

Dopinge garşy Bütindünýä Agentliginiň (WADA) möhüm edarasy Russiýany, dopinge garşy kadalary berjaý etmeýändigi üçin, dört ýyl möhlet bilen sport bäsleşiklerinden çetleşdirmegi teklip etdi.

Barabarlygy seljerýän komitet ýanwarda Moskwanyň laboratoriýasyndan alnan maglumatlaryň käbirinde “ylalaşmazlyklaryň” bardygyny aýtdy.

WADA-nyň Dolandyryjy komiteti rekomendasiýany we ondan gelip çykýan netijeleri 9-njy dekabrda maslahat etjekdigini mälim etdi.

Russiýanyň Dopinge garşy agentliginiň (RUSADA) başlygy WADA-nyň Dolandyryjy komitetiniň rekomendasiýany goldajakdygyna garaşýandygyny aýtdy.

Dört ýyl gadagançylygyň netijesinde Russiýa geljek ýyl Tokioda geçjek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna we 2022-nji ýylda Pekinde geçjek Gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp bilmez.

XS
SM
MD
LG