Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak aktiwistleri ÝB-niň NUr-Soltandaky edarasynyň öňünde protest bildirdiler


Gazak aktiwistleri. Arhiw suraty
Gazak aktiwistleri. Arhiw suraty

Onlarça aktiwist gazak paýtagty Nur-Soltanda toplanyp, ÝB resmilerini ýerli häkimiýetlere adam hukuklary meselesinde has köp basyş görkezmäge çagyrdy.

Aktiwistler 27-nji noýabrda Ýewropa Bileleşiginiň gazak paýtagtyndaky edarasynyň öňünde tapgyr ikinji gün toplanyp, edaranyň wekillerini daşaryk çykyp, öz talaplaryny diňlemäge çagyrdylar.

ÝB baýdaklaryny we “Syýasy tussaglara azatlyk”, “Siziň Gazagystan bilen ylalaşyklaryňyz – bizi gulçulygynyz”, “Durşuna korrupsiýa çümen ýurt bilen söwda etmäň” diýen şygarlary galdyryp duran protestçiler bilen hiç kim duşuşmady.

Protestçiler Ýewropa Komissiýasynyň maýda kabul eden täze Merkezi Aziýa strategiýasyna we beýleki dokumentlere laýyklykda, Gazagystan bilen iş salşanlarynda adam hukuklarynyň berjaý edilmeginiň nazara alynmalydygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG