Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň demirgazygyndaky wakalarda azyndan 22 adam öldi


Owganystanyň kartasy
Owganystanyň kartasy

Soňky 24 sagadyň dowamynda Owganystanyň demirgazygynda bolan aýrybaşga iki wakada azyndan 22 adam, şol sanda parahat ilatdan 15 adam öldi diýip, resmiler aýdýarlar.

27-nji noýabrda Gunduz welaýatynda bir ulagyň ýoluň gyrasyna düşelen minanyň üstünden barmagy netijesinde 15 adam, şol sanda sekiz çaga öldi we başga-da iki sanysy ýaralandy.

Pida bolanlar wakanyň bolan wagty Han Abaddaky toýa gatnaşmaga barýardylar diýip, welaýat häkimi Abdul Jabbar Naimi aýtdy.

Owgan resmisi minanyň “Talyban” tarapyndan ýerleşdirilendigini hem belledi. Bu barada “Talyban” topary häzirlikçe kommentariý bilen çykyş etmedi.

Bu regionda “Talyban” söweşijileri bilen owgan güýçleriniň arasynda ýygy-ýygydan çaknyşyklar bolýar.

Tahar welaýatynda söweşijileriň iki harby baza hüjüm etmegi netijesinde azyndan ýedi howpsuzlyk işgäri öldürildi we başga-da 10 sanysy ýaralandy diýip, 28-nji noýabrda ýerli geňeşçiler Mohammad Azam Afzali we Ýakub Nazari aýtdy.

XS
SM
MD
LG