Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak ýurduň günortasynda Eýranyň konsulhanasynyň otlanmagyny ýazgardy


Yrakly protestçiler Eýranyň konsulhanasyny otladylar. 27-nji noýabr, 2019 ý.
Yrakly protestçiler Eýranyň konsulhanasyny otladylar. 27-nji noýabr, 2019 ý.

Yragyň Daşary işler ministrligi ýurduň günortasyndaky Najaf şäherinde Eýranyň konsulhanasyna edilen hüjümi ýazgardy diýip, Yragyň döwlet habarlar agentligi ministrlige salgylanyp, 28-nji noýabrda habar berdi.

Mundan bir gün ozal amala aşyrylan hüjüm “Yragyň Eýran we beýleki ýurtlar bilen arasyndaky taryhy gatnaşyklary ýoýmaga gönükdirildi” diýip, ministrlik aýdýar. Şol hüjümde protestçiler diplomatik binany otladylar.

Beýanatda hüjümiň Yragyň perspektiwasyny şöhlelendirmeýändigi nygtalyp, “Yrakda hereket edýän diplomatik missiýalaryň çuňňur hormatlanýandygy we sylanýandygy” hem bellenilýär.

Gürrüňi gidýän wakada demonstrantlar Tährana gahar-gazap bildirip, ony Yragyň hökümetini goldamakda aýypladylar. Demonstrantlar indi iki aýa golaý wagt bäri hökümete garşy protestleri geçirip gelýärler.

27-nji noýabrda konsulhananyň binasyna kürsäp giren protestçiler tutuş binany otladylar diýip, polisiýadaky we raýat goranyşyndaky çeşmeler aýdýarlar. Olar hüjümden öň konsulhananyň işgärleriniň ewakuasiýa edilendigini hem belleýärler.

XS
SM
MD
LG