Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Azerbaýjanyň häkimiýetdäki partiýasy parlamenti dargatmaga çagyrýar


Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew

Azerbaýjanyň häkimiýetdäki partiýasy – Täze Azerbaýjan partiýasy – “ýurduň kanun çykaryjy organynyň häzirki düzüminiň” partiýanyň lideri, prezident Ylham Aliýew tarapyndan “yzarlanýan syýasata eýermeýändigini” aýdyp, parlamenti dargatmaga inisiatiwa etmek kararyna geldi.

28-nji noýabrda Täze Azerbaýjan partiýasynyň Syýasy Geňeşi ýygnak geçirip, möhletinden ozal parlament saýlawlaryny geçirmek barada Aliýewiň öňünde çykyş etmegi planlaşdyrdy.

Partiýanyň 28-nji noýabrda giçlik metbugat konferensiýasyny geçirmegine we bu kararyň arkasyndaky sebäpleri düşündirmegine garaşylýar.

Parlamenti dargatmak baradaky mesele kanun çykaryjy organyň 29-njy noýabrda geçirjek ýygnagynda hem gozgalar.

Azerbaýjanda nobatdaky parlament saýlawlary 2020-nji ýylyň noýabrynda geçirilmelidi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG