Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp ABŞ-nyň owgan “Talybany” bilen gepleşiklerini dikeldendigini aýdýar


Prezident Donald Tramp Owganystandaky ABŞ esgerleri bilen. 28-nji noýabr, 2019.
Prezident Donald Tramp Owganystandaky ABŞ esgerleri bilen. 28-nji noýabr, 2019.

Prezident Donald Tramp Owganystandaky ABŞ goşunlarynyň ýanyna öňünden aýdylmadyk Thanksgiving saparyna gelip, Birleşen Ştatlaryň “Talyban” bilen gepleşiklerini dikeldendigini aýtdy. Bu onuň uruşdan tozan ýurda 2017-nji ýylda işe başlaly bäri eden ilkinji sapary boldy.

“Talyban” ylalaşyk baglaşmak isleýär we biz olar bilen duşuşýarys” diýip,Tramp 28-nji noýabrda Kabulyň demirgazygyndaky Bagram howa bazasynda žurnalistlere aýtdy.

“Biz atyşyklar bes edilmeli diýdik we olar atyşygy bes etmek islemediler, indi olar atyşygy bes etmek isleýärler. Bu, belki-de, şeýle edilende ýol alar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Trampyň sapary iki sany günbatar zamunynyň üç sany talyban tussagy bilen çalşylmagy netijesinde uzaga çeken “talyban” bendiliginden boşadylmagynyň yz ýanyna gabat gelýär.

XS
SM
MD
LG