Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanyň dolandyryjy partiýasy parlamentiň dargadylmagyna çagyrýar


Azerbaýjanyň dolandyryjy Täze Azerbaýjan partiýasynyň başlygy, prezident Ylham Alyýew
Azerbaýjanyň dolandyryjy Täze Azerbaýjan partiýasynyň başlygy, prezident Ylham Alyýew

Azerbaýjanyň dolandyryjy Täze Azerbaýjan partiýasy (YAP) parlamenti dargatmak we prezident Ylham Alyýewden, partiýa liderinden irki parlament saýlawlaryna çagyrmagy soramak kararyna geldi.

Partiýanyň ýerine ýetiriji başlygy Ali Ahmedow 28-nji noýabrda Bakuwda guralan metbugat ýygnagynda çykyş edip, bu çäräniň Alyýewiň alyp barýan özgertmeler we kadrlary çalyşmak syýasatyny goldamagy maksat edinýändigini aýtdy.

Irki saýlawlar Azerbaýjanyň kanun çykaryjy guramasyny döwrebaplaşdyrmaga, ykdysady reformalary çaltlandyrmaga kömek eder diýip, Ahmedow partiýanyň Syýasy geňeşiniň ýygnagyndan soňra aýtdy.

Azerbaýjanyň nobatdaky parlament saýlawlary 2020-nji ýylyň noýabrynda bolmalydy.

Dolandyryjy partiýa 2015-nji ýylda geçen saýlawlarda doly ýeňiş gazandy, ýurtdaky oppozision partiýalaryň ählisi bu saýlawy boýkot etdi.

XS
SM
MD
LG