Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürji polisiýasy protestçileriň parlament binasyna barmagynyň öňüni aldy


Gürji protestçileri

28-nji noýabrda onlarça oppozisioan syýasatçy Gürjüstanyň paýtagtynda toplandy, ýöne polisiýanyň bu töweregiň daşyny baglamagy netijesinde, olaryň parlament binasynyň öňünde ýygnanyşyk geçirmek planlary başa barmady.

Tbiliside soňky iki hepdede geçirilen protest ýygnanyşyklarynda ýurduň saýlaw ulgamyny özgertmäge çagyryş edildi. Oppozisiýadaky partiýalar saýlaw ulgamynyň dolandyryjy partiýa, “Gürjüstanyň arzuwyna” gol ýapyp, adalatsyzlyk edýändigini aýdýarlar.

28-nji noýabrdaky ýygnanyşyk birnäçe sagatdan dargady. Hökümete garşy protestçiler 29-njy noýabrda, kanun çykaryjylar parlamente dolanyp gelende täze ýygnanyşyk geçirjekdiklerini aýtdylar.

Demonstrasiýaçylar 28-nji noýabrda hem binanyň girelgesini baglap, kanun çykaryjylary onuň içine goýbermezligi niýet edinipdiler. Emma polisiýa gije parlament binasynyň daşyna demir haýatlary aýlap, protestçileri bu ýere goýbermedi.

ABŞ we ÝB gürji hökümetini syýasy partiýalar, raýat aktiwistleri bilen “asuda we sylanyşykly dialog” geçirmäge çagyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG