Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Krymly rus aýaly Ukraina üçin içalyçylyk etmekde aýyplanýar


Günäli tapylsa, ol aýalyň 20 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilmegi mümkin.

Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugy(FSB) Krym ýarymadasynda bir rus zenanynyň Ukrainanyň peýdasyna içalyçylyk etmekde şübhe bildirilip, tussag edilendigini aýtdy.

Rus habar gulluklary 29-njy noýabrda FSB salgylanyp, rus raýatynyň “Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň Aňtaw müdirliginiň tabşyrygy boýunça” rus harby syrlaryny ele geçirmäge synanyşmakda aýyplanandygyny habar berdiler.

Ol Sewastopol şäherinde tussag edildi.

Federal howsuzlyk gullugy ol aýalyň Ukrainanyň aňtaw gulluklary tarapyndan hakyna tutulandygyny aýtdy, emma başga detallary açmady.

Sewastopolyň Lenin etrap sudy jenaýat işini açdy diýip, Interfaks sud resmilerine salgylanyp habar berdi.

Eger günäli tapylsa, döwlete dönüklikde aýyplanyp, ol aýalyň 20 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilmegi mümkin.

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG