Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

London köprüsinde iki adamyň başyna ýeten terrorçy şol ýerde atylyp öldürildi


London. London köprüsindäki polisiýa ofiserleri. 29-njy noýabr, 2019.
London. London köprüsindäki polisiýa ofiserleri. 29-njy noýabr, 2019.

29-njy noýabrda Londonyň merkezinde “terrorçylyk hadysasy” boldy, bir adam London köprüsinde geçegçilere pyçakly hüjüm etdi. Ol birnäçe adamy ýaralamaga ýetişdi, olaryň ikisi hassahanada pyçak ýaralaryndan jan berdi.

Şäherlileriň çakylygy bilen gelip ýetişen polisiýa eýýäm ýere ýykylan terrorçynyň elindäki uly aşhana pyçagyny aldy. Onuň bilinde şübheli guşak bar eken. Polisiýa şäherlileri birnäçe metr yza kowup, jenaýatçyny tüpeňledi. Guşak ýasama bolup çykdy.

Polisiýa işgärleriniň güýçlendirilen topary köpriniň daşyny gurşady. Hereket togtadyldy.

Iki adamyň pyçak ýarasyndan ölmeginde güman edilýän hüjümçi ozal terrorçylyk aýyplamalary esasynda türmä basylan adam bolup çykdy. Aýdylmagyna görä, ol Pakistandaky merkezde “terrorçylara harby tälim berýän” desgany gurmagy planlaşdyrypdyr.

Britan häkimiýetleri 30-njy noýabrda ol hüjümçini 28 ýaşyndaky Osman Han diýip tanatdylar we özleriniň bir gün öň, öýlän sagat 2-de London köprüsinde bolan hüjüme dahyllydyr öýdülýän başga adamlary gözlemeýändiklerini aýtdylar.

Ol bir aýaly we bir erkegi pyçaklap öldürip, ýene bir erkegi we iki aýaly ýaralandan soň, polisiýa tarapyndan atylyp öldürildi diýip, polisiýa aýtdy.

Şeýle-de polisiýa güman edilýäniň biline galp bolup çykan partlaýjyly guşak dakynandygyny aýtdy.

"Bu adam häkimiýetler tarapyndan bilinýärdi, oňa 2012-nji ýylda terrorçylyk aýyplamalarynda ýyl kesildi” diýip, komissaryň kömekçisi Neil Basu aýtdy.

“Ol 2018-nji ýylyň dekabrynda türmeden lisenziýa boýunça boşadyldy” diýip, Basu başga ýurtlarda köplenç "parole" diýilýän söze derek “lisenziýa” sözüni, ýagny “şertli wagtyndan ir boşatmagy” nazarda tutup aýtdy.

Britan häkimiýetleri asly Pakistandan bolan Hanyň “Al-Kaýda” tarapyndan hyjuwlandyrylan sekiz terrorçy bilen bilelikde tussag edilendigini, olaryň käbir nyşanalary, şol sanda London gazna biržasyny partlatmagy planlaşdyrandyklaryny aýtdy.

Ol şonda azyndan sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Şeýle-de häkimiýetler Hany uzaklary nazarlaýan planlary düzmekde, şol sanda Pakistanda “terroçy harby tälim desgasyny” gurmagy niýet edinmekde aýypladylar.

Basu ofiserleriň merkezi Angliýadaky Staffordşire sebitinde bir adresde, Hanyň ýaşan ýerinde barlag geçirýändiklerini hem sözüne goşdy.

Sosial mediada peýda bolan wideolar London köprüsindäki geçegçileriň bir adamy tutup saklap duruşlaryny we polisiýanyň gelip, ol adamlary bir gyra kowup, güman edilýäni tüpeňleýşini görkezýär.

Polisiýanyň güman edilýäniň ozal terrorçylyk aýyplamalarynda türmä basylyp, soň azat edilendigi baradaky beýanaty peýda bolmazyndan biraz öň premýer-ministr Boris Jonson jenaýatçylar türmede doly möhletinde oturdylmaly diýdi.

"Çynlakaý we ýowuz jenaýatçylaryň türmeden ir goýberilmegine ýol bermek ýalňyş we biziň bu endikden el çekmegimiz örän wajyp, biz howply jenaýatçylaryň, hususan-da terrorçylaryň degişli jezalaryny çekmegini gazanmaly” diýip, Jonson aýtdy.

London köprüsi 2017-nji ýylda hem bir jenaýatyň sahnasy bolupdy, şonda jeňçiler pyýadalaryň üstünden kiçi awtobusy sürdüler we soňra bu ýeriň golaýyndaky adamlara hüjüm etdiler. Şonda sekiz adam öldürildi, 48 adam ýaraly boldy.

“Roýters”, AFP, dpa, CNN weBBC neşirleriniň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG