Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ozalky gyrgyz prezidenti Atambaýew ýapyk gapylaryň aňyrsynda suda geldi


Almazbek Atambaýew. Arhiw suraty

Ozalky gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew 29-njy noýabrda ýapyk gapylaryň aňyrsynda suda geldi we 2013-nji ýylda guramaçylykly jenaýat başlygyny bikanun türmeden boşatmakda aýyplandy diýip, onuň aklawçysy aýtdy.

Nädogry iş edendigini inkär edýän Atambaýew sud diňlenişigi mahalynda, protest edip, soraglara jogap bermekden boýun gaçyrdy diýip, onuň aklawçysy Sergeý Slesarýew žurnalistlere aýtdy.

63 ýaşyndaky Atambaýew Birinji Maý etrap sudundaky deslapky diňlenişiklere gatnaşmakdan boýun gaçyrdy. Atambaýewe bildirilýän aýyplamalar ýakasy gaýyşly jenaýat ketdesi Aziz Batukaýewiň türmeden bikanun boşadylmagy bilen baglanyşykly.

Batukaýew birnäçe ýokary derejeli jenaýatda, şol sanda gyrgyz kanun çykaryjysyny we Içeri işler ministrliginiň resmisini öldürmekde günäli tapylyp, türme basylypdy. Eger-de günäli tapylsa, Atambaýwe 15 ýyla çenli türme tussaglygy garaşýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG