Owganystanyň günortasyndaky Helmand welaýatynda owgan milli goşunynyň uly derejeli serhet komandiri partlamanyň pidasy boldy.
General Zahir Gul Mokbiliň münüp barýan awtoulagy 30-njy noýabrda irden, Nawa we Marja etraplarynyň aralygynda ýol ýakasynda gömlen bombanyň üstünden bardy diýip, welaýat gubernatory Mohammad Ýasin aýtdy.
Helmand polisiýasynyň baş sözçüsi Zaman Hamdardyň aýtmagyna görä, Mokbil soňky bäş ýylda komandir boldy.
Bu hüjümde ýene iki sany howpsuzlyk ofiseri ýaralandy diýip, Helmandyň Media we jemgyýetçilik bilen gatnaşyklar edarasynyň başlygy Zahid Atal Azat Owganystan radiosyna aýtdy.
Bu partlama netijesinde ýerli Şamşad TW-siniň žurnalisti hem ýaralandy. Howpsuzlyk güýçleri bilen barýan beýleki žurnalistler, şol sanda AÝ/AR-nyň habarçysy partlamadan aman gutuldy.
“Talybanyň” sözçüsi Kari Ýusouf Ahmadi hüjümi özleriniň gurnandygyny aýtdy. Jeňçi topar Helmandyň köp bölegine kontrollyk edýär.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.