Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Howa hapalanmagy sebäpli Eýranyň köp böleginde okuwlar ýatyryldy


Eýran howasy

30-njy noýabrda Eýranyň köp böleginde, şol sanda paýtagt Tähranda, howanyň hapalanmagynyň ýokary derejede bolmagy sebäpli, mekdepler, uniwersitetler ýapyldy diýip, döwlet mediasy habar berdi.

Paýtagtda mekdepleri we ýokary okuw jaýlaryny ýapmak karary 29-njy noýabr güni giçlik, gubernatoryň orunbasary Mohammad Taghizadeh tarapyndan, howanyň hapalanmagy boýunça adatdan daşary komitetde bolan duşuşykdan soň yglan edildi.

"Howanyň hapalanmagynyň ýokarlanmagy sebäpli, Tähran welaýatyndaky çagalar baglary, mekdebe çenli edaralar we mekdepler, uniwersitetler we ýokary okuw jaýlary ýapylar” diýip, resmi hökümet habar gullugy IRNA Taghizadehiň sözlerini sitirledi.

“Paýtagtdaky mekdepler ikinji gün[1-nji dekabrda] hem ýapyk bolar” diýip,Taghizadeh biraz soň aýtdy.

"Tährandaky howanyň hapalanmagynyň görkezjilerini barlagdan geçirenimizden soň... Firuzkuh, Damawand we Pardis okruglryndan başga, Tähran welaýatyndaky ähli mekdebi ýapmak kararyna gelindi” diýip, onuň aýdandygy habar berildi.

Ýaşlaryň we gartaşan adamlaryň, dem alyş keselli näsaglaryň içerde bolmalydygy, 30-njy noýabrdaky sport çäreleriniň togtadylandygy duýduryldy.

Tähran noýabryň ortasyndan bäri howanyň howply derejede hapalanmagyndan we tüsseden ejir çekýär.

DemirgazykdakyAlborz welaýatynda, merkeziEsfahan welaýatynda hem mekdepler ýapyldy diýip, IRNA resmilere salgylanyp habar berdi.

Maşhad,Orumiýeh we Kom şäherlerinde hem mekdepler ýapyldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG