Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Agyr" adam hukuklary ýagdaýynda tankytlanýan Saud Arabystany G20 toparynyň prezidenti boldy


 Saud Arabystanynyň Stambuldaky konsullygynda öldürilen žurnalist Jamal Haşoggi
Saud Arabystanynyň Stambuldaky konsullygynda öldürilen žurnalist Jamal Haşoggi

Saud Arabystany 1-nji dekabrda G20-ler toparynyň prezidentligini kabul edip, özüniň esasy ünsi aýallaryň we ýaşlaryň hukuklaryny güýçlendirmäge we planetany gorap, tehnologiýa ilerlemelerini paýlaşmaga gönükdirjekdigini aýtdy.

Nebite baý patyşalyk G20 toparynyň bir ýyllyk prezidentligini Ýaponiýadan soň aldy. Nobatdaky sammiti gelýän ýylyň 21-22-nji noýabrynda Riýadda geçirmek planlaşdyryldy.

ABŞ-nyň ýarany bolan Saud Arabystany geçen ýylyň oktýabrynda özüniň Stambuldaky konsullygynda “Washington Post” gazetiniň synçysy, ABŞ-da ýaşaýan žurnalist Jamal Haşoggini öldürmekde, şeýle-de zenan hukuklaryny goraýan aktiwistleri basyp ýatyrmakda we Ýemendäki ganly uruşda oýnaýan rolunda berk tankyt edildi.

ABŞ-nyň aňtaw gulluklary Saud Arabystanynyň täç geýdirilen şazadasy Mohammed bin Salmanyň Haşogginiň öldürilmegi barada buýruk berendigi hakyndaky netijä geldiler.

“Amnesty International” G20 toparynyň agzalaryny “Saud Arabystanynyň häkimiýetlerine adam hukuklarynyň gözçykgynç bozulmalaryny bes etmegi” üçin basyş görkezmäge çagyrdy.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän adam hukuklary guramasy 29-njy noýabrda beýanat çap edip, “G20 liderleri uly girdejili iş aragatnaşyklaryna kowalaşyp, Patyşalykdaky aýylganç adam hukuklary ýagdaýyna göz ýummak endiklerini dowam etdirmeli däl” diýdi.

XS
SM
MD
LG