Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýran oppozisioneri Musawi ýokary lider Hameneýini agdarylan şa bilen deňedi


Mir Hossein Musawi

Eýran oppozisioneri Mir Hossein Musawi, halk protestleri gazaply basylyp ýatyrylandan soň, ýokary lider aýatolla Ali Hameneýini Eýranyň 1979-njy ýyldaky Yslam rewolýusiýasy mahalynda tagtyndan agdarylan merhum şasyna deňedi.

Onuň bellikleri 30-njy noýabrda, Tähranda we beýleki şäherlerde bolan köçe protestleriniň güýç bilen basylyp ýatyrylmagynyň yzysüre, oppozision “Keleme” websaýtynda çap edildi.

“Amnesty International” guramasy geçen aýdaky protestler gýüç bilen basylyp ýatyrylanda öldürilendigi tassyk bolan adamlaryň sanynyň azyndan 161 bolandygyny aýdýar.

Eýranda iň ýokary häkimiýete eýe bolan Hameneýi ol protestlere at dakdy we olar bilen bagly ýowuzlygy “örän howply dildüwşügiň” üstüne atdy, hökümet bolsa olary özüniň daşary ýurtlarda bosgunlykda ýaşaýan garşydaşlary we öňden gelýän duşmanlary bolan ABŞ, Ysraýyl we Saud Arabystany bilen baglanyşykly “kellekeserler” hökmünde häsiýetlendirdi.

“Human Rights Watch” (HRW) guramasy Tähranyň ýangyç bahalarynyň gymmatlamagy üstünde turan wehökümete garşy gozgalaňa öwrülip, birnäçe gün dowam eden köçe protestlerine goşulanlara garşy görlen ýowuz çäreleriň netijelerini “bilkastdan bassyr-ýussur edendigini” aýtdy.

Musawi 1978-nji ýylyň sentýabryndaky “Gara annany”, eýran şasynyň esgerleri tarapyndan amala aşyrylan gyrgynçylygy, soň munuň jemagat goldawyny güýçlendirip, günbatar tarapyndan goldanylýan şa Muhammet Reza Pahlawiniň tagtyndan agdarylmagyna alyp gelendigini ýatlatdy.

"1978-nji ýylda adamlary öldürenler dini däl režimiň wekilleridi, 2019-njy ýylyň noýabryndaky agentler we atyjylar dini hökümetiň wekilleri boldy” diýip, ol aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG