Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda awtobusyň agdarylmagy netijesinde sekiz adam öldi


Gazagystanyň Gyzylorda regionynda awtobus agdaryldy. 3-nji dekabr, 2019 ý.

Gazagystanyň günortasyndaky Gyzylorda regionynda buza örtülen magistral ýolunda bir awtobusyň agdarylmagy netijesinde azyndan sekiz adam öldi. 3-nji dekabrda ýüze çykan hadysa barada Içeri işler ministrliginiň düzümindäki adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gulluklar maglumat berdiler.

Awtobusyň içinde 35 adam bolup, heläkçiligiň netijesinde olaryň 25-si ýaralandy.

Ýolagçylaryň raýatlygy barada maglumat berilmedi.

Ýol hereketi düzgünleriniň bozulmagy boýunça jenaýat işi açyldy.

Ýewropa Bileleşigniň Eurostat gullugynyň maglumatlaryna görä, Gazagystan ýol heläkçilikleriniň sany boýunça dünýädäki ilkinji bäş döwletiň hataryna girýär. Ýol hereketiniň düzgünlerini äsgermezlik, ýollaryň hiliniň pesligi ýaly ýagdaýlar ýol hadysalarynyň ýüze çykmagynyň esasy sebäpleri bolup durýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG