Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI: Eýrandaky protestlerde ‘azyndan 208’ adam öldürildi


Eýranyň Urmia şäherinde polisiýa protestçileriň ýoluny böwetleýär. 16-njy noýabr, 2019 ý.

Eýranda geçen aý benziniň bahasynyň artdyrylmagy sebäpli tutaşan protestleriň basylyp ýatyrylmagy netijesinde azyndan 208 adamyň öldürilendigi çaklanylýar diýip, adam hukuklaryna gözegçilik edýän Amnesty International guramasy 2-nji dekabrda maglumat berdi.

Düýbi Londonda ýerleşýän gurama öldürilenleriň asyl sanynyň has ýokary bolmagynyň mümkindigini hem belledi.

Protestler 15-nji noýabrda, haçanda hökümet benziniň bahasynyň 200% çemesi artdyrylýandygyny yglan edeninden soňra, döräpdi.

Munuň yzy bilen ýurtda, internet üpjünçiligi kesildi we howpsuzlyk güýçleri protestleri basyp ýatyrmak boýunça çäreleri gördüler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG