Ukrainada bir syýasatçynyň üç ýaşly oglunyň atylyp öldürilmegine ilteşikli bolmakda şübhelenip 18 we 19 ýaşlaryndaky iki adam saklanyldy.
Kiýewiň regional geňeşiniň kanunçykaryjysy Wýaçeslaw Sobolýew 1-nji dekabrda öz restoranyndan maşgalasy bilen çykanynda, olaryň ulagyna ýaragdan ot açyldy.
Atylan ok Wýaçeslaw Sobolýewiň ogly Oleksandra degdi. Ol keselhana äkidilip barýarka Tiz kömek ulagynda aradan çykdy.
Kiýewiň polisiýa başlygy Andriý Kryşçenko “18 we 19 ýaşlaryndaky iki kişiniň” saklanandygyny mälim etdi. Olaryň şahsyýetleri aýdyňlaşdyrylmady.
Derňewçiler jenaýat ýaragydygy çaklanylýan 7,62 millimetr kalibrly tüpeňiň hem tapylandygyny aýtdylar.
Derňewçiler jenaýata sebäp bolup bilen şahsy, biznes ýa-da syýasy matlaplary seljerýärler.