Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Golland prokurorlary Moskwany MH17 şübheliniň gaçmagyna mümkinçilik bermekde aýypladylar


Wolodymyr Tsemakh Kiýewdäki suduň zalynda. 5-ji sentýabr, 2019 ý.
Wolodymyr Tsemakh Kiýewdäki suduň zalynda. 5-ji sentýabr, 2019 ý.

Gollandiýanyň Döwlet Prokuraturasy Russiýany Malaýziýa howaýollaryna degişli MH17 uçaryň urulmagy bilen ilteşikli şübhelini tussag etmän, onuň Ukrainanyň gündogaryndaky separatistleriň gözegçiligindäki sebite aşmagyna mümkinçilik bermekde aýyplady.

Moskwa ukrain raýaty Wolodymyr Tsemakhyň Russiýadan çykmagyna “bilkastlaýyndan” mümkinçilik berdi, şeýle-de Gollandiýanyň ekstradisiýa baradaky arzasyny “berjaý etmekden boýun gaçyrdy” diýip, golland prokuraturasy 2-nji dekabrda aýtdy.

Prokuratura munuň bilen Moskwanyň Ekstradisiýa baradaky Ýewropa Konwensiýasynyň talaplaryna çapraz hereket edendigini belledi.

“Russiýa Federasiýasy öz raýatlaryny ekstradisiýa etmeýär. Emma, jenap Tsemakhyň ukrain raýatydygy nazarda tutulanda, onuň ekstradisiýa edilmegine hiç hili bökdençlik ýokdy” diýip, prokuratura nygtady.

7-nji sentýabrda Ukraina tussaglaryň çalşygy ylalaşygynyň çäklerinde Tsemakhy rus häkimiýetlerine gowşurypdy.

Ol MH17 uçary urlan döwri Donetskde Russiýa tarapyndan goldanylýan güýçleriň howa hüjüminden goranyş düzüminiň kommandiri bolupdy.

2014-nji ýylyň 17-nji iýulynda Boeing 777 ýolagçy uçary urlanda, onuň bortundaky ähli 298 adam heläk bolupdy.

Gollandlaryň ýolbaşçylygyndaky derňew topary uçaryň Russiýada öndürilen raketa bilen urlandygy baradaky netijä geldi.

XS
SM
MD
LG