Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO liderleri London sammitine gatnaşýarlar


Demirgazyk Atlantik Ylalaşyk Guramasy (NATO) 1949-njy ýylda esaslandyrylypdy.
Demirgazyk Atlantik Ylalaşyk Guramasy (NATO) 1949-njy ýylda esaslandyrylypdy.

NATO liderleri 29 agzalyk ýaranlygyň 70-nji ýyl dönümini dabaralandyrmak üçin, Londonda geçýän sammite gatnaşýarlar.

Goranyş çykdajylary boýunça çekişmeler, Siriýa babatyndaky syýasat, şeýle-de Fransiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky dartgynlylyklar iki günlük sammitiň taýýarlyk işlerine kölege saldy.

Emma, NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg dartgynlylyklara garamazdan ýaranlygyň Ýewropany goramak boýunça esasy maksadyny berjaý etmek üçin öz mümkinçiliklerini pugtalandyrandygyny belledi.

“NATO taryhdaky iň üstünlikli ýaranlykdyr. Sebäbi, dünýäniň üýtgemegi bilen biz hem dowamly özgermegi başardyk” diýip, Stolteberg sammitiň öňüsyrasy CNN-e beren interwýusynda nygtady.

Demirgazyk Atlantik Ylalaşyk Guramasy 1949-njy ýylda, umumy goranyş maksadyndan ugur alnyp, ABŞ, Kanada we Ýewropanyň 10 döwleti tarapyndan esaslandyrylypdy.

XS
SM
MD
LG