Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýalylar planlaşdyrylan pensiýa reformalaryna garşy iş taşlaýarlar


Fransuz protestçileri. Arhiw suraty
Fransuz protestçileri. Arhiw suraty

Fransiýalylar prezident Emmanuel Makronyň planlaşdyrylan pensiýa reformalaryna garşy ýurt boýunça uly iş taşlaýyş gurnaýarlar.

5-nji dekabrdaky iş taşlaýyşdan transport gatnawy uly zyýan çeker, uçarlar, otlular, awtobuslar we Pariž metro ulgamynyň köp bölegi hereketini togtadar.

Makronyň planlaşdyrylan, köplenç işçilere has ýokary pensiýa bermek ýa irräk pensiýa çykmak mümkinçiliklerini berýän aýratyn şertleri ýatyrjak “ählumumy” pensiýa ulgamyna garşy guralýan aksiýalara mekdep we hassahana işgärleri hem gatnaşar.

Kärdeşler arkalaşyklary bu reformanyň millionlap işçiniň kanuny pensiýa çykmaly ýaşyndan, 62 ýaşdan soň işlemegini talap etjekdigini ýa-da az pensiýa almaly boljakdygyny aýdýarlar.

Hökümet bütin ýurt boýunça 250 çemesi demonastrasiýanyň gurnalmagyna garaşylýandygyny, olaryň käbiriniň zorlukly bolmagynyň ahmaldygyny duýdurdy.

Diňe Parižiň özünde 6 müň çemesi howpsuzlyk işgäri ýerleşdiriler. Polisiýa bu şäherde azyndan iki uly demonstrasiýanyň gurnaljakdygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG