Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkan welaýatynyň Gumdag şäheriniň golaýynda ýer yrandy


Sarsgyn ojagynyň 10 kilometr çuňlukda bolandygy aýdylýar.
Sarsgyn ojagynyň 10 kilometr çuňlukda bolandygy aýdylýar.

3-nji dekabrda, ýerli wagt bilen sagat 17:48-de Balkan welaýatynyň Gumdag şäherçesiniň golaýynda 4,6 magnitýud güýjünde ýer yrandy diýip, “Earthquake-report” saýty habar berdi.

Ýer sarsgynynyň ojagynyň 10 kilometr çuňlukda bolandygy aýdylýar.

Türkmen merdiasy adatça ýer yrnamasy, sil gelmegi ýa suw joşmalary, köçe-ýol hadysalary, pidalar, ýitgiler ýa başga pajygaly ýagdaýlar barada habar bermeýär.

XS
SM
MD
LG