ABŞ-nyň parahatçylyk wekili Zalmaý Halilzad 4-nji dekabrda 18 ýyllyk owgan konfliktiniň çözgüdini tapmak ugrundaky tagallalarynyň çäginde Kabula geldi.
Halilzad Doha, Katara uçmazyndan öň owgan prezidenti Aşraf Gani we beýleki uly derejeli resmiler bilen gepleşdi.
ABŞ-nyň döwlet departmanetiniň maglumatyna görä, ol Dohada “Talyban” bilen gepleşikleri gaýtadan başlar.
Bu gepleşikler prezident Donald Tramp sentýabrda Kabuldaky zorluklarda 12 adam we ABŞ esgeri öldürilenden soň jeňçiler bilen alnyp barylýan geňeşmeleri birden bes edeli bäri geçirilýän resmi gepleşikleriň ilkinji tapgyry bolar.
Gani Halilzad bilen duşuşyk wagtynda atyşygy bes etmek barada ozal aýdan çagyryşyny gaýtalady.