Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistanyň ozalky prezidentine korrupsiýa aýyplamasy bildirildi


Serž Sagsýan
Serž Sagsýan

Ermeni häkimiýetlerikawkaz ýurdunda geçen ýyl bolan “mahmal rewolýusiýa” netijesinde wezipeden çetleşdirilen ozalky prezident Serž Sagsýana garşy korrupsiýa aýyplamalaryny bildirdiler.

Ýörite derňew gullugy 4-nji dekabrda Sargsýanyň “gurnalan resmiler toparynyň”üsti bilen döwlet fondlaryndan 489 million dramy, 1 million BAŞ dollaryndan gowrak serişdäni ele geçirendigini tassyklady.

Bu pullar 2013-nji ýylda daýhanlara ýeňillikli bahadan berilmeli dizel ýangyjy üçin bölünen serişdelerden alnypdyr.

Sargsýanyň edarasy ozalky prezidentiň dört ýyldan sekiz ýyla çenli türme jezasy bolan aýyplamany ret edendigini aýtdy.

Ermenistanyň Respublika partiýasy, Sargsýanyň ýolbaşçylyk edýän syýasy guramasy beýanat çap edip, bu aýyplamany “syýasy yzarlamanyň bihaýa görnüşi” hökmünde häsiýetlendirdi.

Ermenistana 2008-18-nji ýyllarda ýolbaşçylyk eden Sargsýan hiç ýere gitmezlik hakyndaky dilhata gol çekdi, tussag astyna alynmady.

XS
SM
MD
LG