Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenko Belarusyň Orsýet bilen hiç wagt bir döwlet bolmajakdygyny aýdýar


Belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenko

Belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenko öz ýurdunyň Orsýet bilen strategiki partnýorlygyny gaýtadan tassyk etdi, emma häzirlikçe bilelikdäki parlamenti döretmek gürrüňiniň ýokdugyny aýtdy.

5-nji dekabrda parlamentiň öňünde çykyş eden belarus lideri ýönekeý raýatlaryň ýurduň ozalky Sowet Soýuzynyň täzeden gurulmagyna tarap süýşýändigi baradaky gorky-howatyrlarynyýatyrmaga çalyşdy.

Lukaşenko bu çykyşyny rus prezidenti Wladimir Putin bilen rus-belarus soýuz döwletiniň içindäki integrasiýany has çuňlaşdyrmak barada maslahat etmeginiň üç gün öňünden etdi. Bu bileleşik 1990-njy ýyllarda döredileli bäri esasan kagyz ýüzünde galdy.

"Hiç kim hiç wagt bize zyýan ýetirjek dokumentlere gol çekmez” diýip, Belarusy çärýek asyr bäri dolandyrýan Lukaşenko aýtdy.

“Biz hiç wagt başga bir döwlete, şol sanda Orsýete, biziň doganlyk döwletimize goşulmagy planlaşdyrmadyk” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Soňky aýlarda Putin we Lukaşenko integrasiýa barada birnäçe tapgyr duşuşyk geçirdi we belarus prezidenti olarda hyzmatdaşlygyň deň bolmalydygyna basyş etdi. Emma ýönekeý belaruslaryň köpüsi Moskwa bilen has kängarylyp-gatylmagyň özygtyýarlylyga wehim salýandygyny aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG