Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýiti energiýa ýetmezçiligi Özbegistanda seýrek protestleriň döremegine getirdi


Gaz gytçylygy nägileliklere alyp geldi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:06 0:00

Gaz gytçylygy nägileliklere alyp geldi

Tebigy gaz we elektrik ýetmezçiligi Özbegistanyň käbir böleklerinde görülmedik protestleriň döremegine, kiçiräk toparlaryň ýollary baglap, resmileriň bu ýagdaýdan çäre tapmagyny talap etmeklerine alyp geldi.

Merkezi Aziýa ýurdunda hökümete garşy protestler örän seýrek bolýar, sebäbi howpsuzlyk güýçleri 2005-nji ýylda gündogardaky Andijon şäherinde bolan protest aksiýalaryny gazaply basyp ýatyranda ýüzlerçe adam öldürildi.

Soňky protestler noýabrda, regionlaryň köpüsinde jaýlara we kärhanalara gelýän tebigy gazyň kesilmegi bilen başlandy. Sebäbi adamlar eýýäm sowan howada elektrik ýetmezçiliginiň ejirini çekýärdiler.

1-nji dekabrda bir protestçiler topary, şol sanda köp aýal, ýurduň Garagalpagystan awtonom respublikasyndaky Buston şäheriniň uly ýoluny baglady.

Azatlyk radiosyna gowşan wideoda protestçileriň Elikgala etrabynyň dolandyryş merkezinde, ýoluň ortasynda odun üýşürip, ot ýakyp duruşlary görünýär.

Proteste gatnaşan we bu barada Azatlyga gürrüň beren birnäçe ýaşaýjy ýygnanaşygyň ýerli häkim gelip, protestçiler bilen gürleşenden soň dargadylandygyny aýtdy.

"Meniňçe, biz ol ýerde iki sagat çemesi durduk we soňra häkim we polisiýa resmileri geldi” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gürleşen protestçi aýtdy. “Olar bize ‘häzir hemme ýerde gaz ýetmezçiligi meselesi bar, emma biz bu meseläni çözeris’ diýdiler. Şondan soň adamlar dargady” diýip, protestçi gürrüň berdi.

Anyk jogap ýok

Öz adyny aýtmakdan saklanan ýerli resmi 2-nji dekabrda Azatlyk radiosyna etrap ýolbaşçysynyň bu protestden soň “degişli resmileri çagyryp, meseläni derhal çözmek barada tabşyryk berendigini” aýtdy.

Azatlygyň Buston şäherindäki çeşmeleri tebigy gaz üpjünçiliginiň häzir şol wagtdakysyndan biraz goweulaşandygyny aýtdylar.

Paýtagt Daşkende bolsa, prezident Şawkat Mirziýoýew we premýer-ministr Abdulla Aripow resmileri energiýa krizisi sebäpli tankyt etdi diýip, özbek mediasy habar berdi. Emma hökümetiň adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmek üçin anyk nähili çäreleri görýändikleri aýdyň bolman galýar.

Ýurduň esasy ýolbaşçylary hem häkimiýetleriň gyşyň başynda dörän energiýa ýetmezçiliginiň düýp sebäplerini nämede görýändiklerini düşündirmedi.

Oripow regionlaryň köpüsiniň, gyşyň gelmegi bilen, tebigy gaz we elektrik üpjünçiliginiň ýeterlik bolmandygyny boýun aldy.

Şahsy hojalyklar, mekdepler we hassahanalar energiýa ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýan wagtynda, “olary elektrik we tebigy gaz bilen üpjün etmeli resmileriň özleri gor ýaly ýyljak jaýlaryň içinde otyr” diýip, Oripow 28-nji noýabrda aýtdy.

Gaharly adamlar

Bustonda 1-nji dekabrda bolan protest Garagalpagystanyň Nukus etrabynyň Şortanba obasynyň 70 töweregi ýaşaýjysy ýoluň ortarasynda ullakan ot ýakyp başlanyndan üç gün soňra gurnaldy.

Oba adamlary öz öýlerine gelýän tebigy gazyň birden kesilendigi üçin gahar-gazaba çykdylar.

Özbek mediasy etrap häkiminiň, baş prokuroryň we Garagalpagystangaz kompaniýasynyň başlygynyň protestçiler bilen duşuşyp, energiýa problemasynyň sebäplerini düşündirendiklerini, çözgüt teklip edendiklerini habar berdi.

Aýdylmagyna görä, resmiler mähellä 16 kilometr aralykdan oba gaz getirýän geçirijiniň düýpli bejergä, turbalarynyň çalşyrylmagyna mätäçdigini üatdylar.

Ýerli häkimiýetler kömege mätäç maşgalalaryň 420-sine 500 kilogramdan kömür, iki sany gaz silindrini we her maşgala 10 teležka odun berdi.

Bu hili protestler soňky günlerde Andijon, Syrderýa welaýatlarynda hem boldy.

"Biziň öýlerimizde ne gaz, ne-de elektrik bar, adamlaryň muňa gahary gelýär” diýip, protestçiler 28-nji noýabrda Dalwarzin we Oltinkul etraplaryny birleşdirýän uly ýoly baglanlaryna bir andijonly ýaşaýajy aýtdy.

"Şäjher resmileri protestçilere olaryň meselesini çözmegi wada berdiler. Adamlar indi, eger hökümet sözünde durmasa, özleriniň ýene köçelere çykjakdyklaryny aýdýaralr” diýip, andijonly ýaşaýjy gürrüň berdi.

"Adamlaryň mundan artyk sabyr-kanagaty galmady” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adyny aýtmak islmedik erkek sözüniň üstüni ýetirdi.

“Ýaşaýyş we ölüm meselesi”

Ferganada bolsa ýaşaýjylar topary şäheriň Barkamol etrabyndaky 29 sany köpgatly jaýyň gaz ýetmezçilginden şikaýt etmek üçin şäher häkiminiň edarasynyň işigine toplandy.

"Kwartiralaryň käbirinde asla gaz ýok, beýleki bir toparynda basyş örän pes, olarda hatda çaý gaýnatmak hem mümkin däl” diýip, ýaşaýjylaryň biri Azatlyk radiosyna aýtdy.

Fergana häkimiýetleri ýaşaýjylar bilen duşuşykdan soň özleriniň zerur çäreleri görýändiklerini aýtdylar.

Günorta-gündogardaky Surhanderýa welaýatynda 27-nji noýabrda howanyň temperaturasy selsiýa boýunça -5 derejesine düşdi. Emma köp gatly jaýlarda ýaşaýan ýaşaýjylaryň öýlerine otaglary ýyladar ýaly energiýa bolmady diýip, ýerli adamlar gürrüň berdiler.

"Hassahanalarda, mekdeplerde we garrylar öýlerinde gaz bolmazlygy ýaşaýyş we ölüm meselesi” diýip, Surhanderýada gaz üpjünçiligi bilen meşgullanýan resmi aýtdy.

"Şeýle-de Surhanderýada serhet goragy gulluklary ýaly strategiki ýerleri bar, olar asla energiýasyz galdyrylmaly däl” diýip, anonimlik şertinde gürleşen resmi aýtdy.

XS
SM
MD
LG