Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň saglyk pudagyna degişli öň köpçülige elýeterli bolmadyk sanlar 'äşgär edildi'


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň ministrlikleriniň biri tarapyndan taýýarlanan täze hasabatyň nusgasynda ýurduň saglyk pudagyna degişli öň köpçülige elýeterli bolmadyk maglumatlar we sanlar äşgär edilýär diýip, “Türkmen.news” neşiri özüniň 4-nji dekabrda çap eden makalasynda habar berýär.

Neşiriň baş redaktory Ruslan Mätiýewiň 5-nji dekabrda Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, 2020-2030-njy ýyllar üçin “Türkmenistanda ýetginjekleriň, çagalaryň, täze doglan bäbekleriň, eneleriň saglygyny we reproduktiw saglygy goramagyň milli strategiýasy” atly hasabatyň nusgasy şu aýyň başynda redaksiýa gelip gowuşdy.

Mätiýewiň sözüne görä, redaksiýanyň ýurt içindäki çeşmeleri hasabatyň taslama görnüşindäki käbir “oňaýsyz maglumatlar” aradan aýrylandan soňra ýurduň Ministrler Kabinetine hödürlenjekdigini aýdýarlar.

“Statistika maglumatlaryň köpüsi hökümet üçin ýaramaz bolup görünýär. Şonuň üçin häzir oňaýsyz ýerlerini, ýagny ‘sosial taýdan goralmadyk maşgalalar hem-de çagalar’ – [resmiler] bular ýaly maşgalalar hem-de çagalar ýa-da garyp hojalyklar Türkmenistanda ýok diýip hasaplaýarlar. Şular ýaly oňaýsyz terminleri hem-de sanlary ilkibaşda düzedip, soňra Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlener” diýip, Mätiýew hasabatdan käbir maglumatlaryň aýryljakdygy ýa aýrylmajakdygy näbelli bolmagynda galýar hem diýdi.

Azatlyk Radiosyna bu hasabatyň nusgasy häzirlikçe elýeterli däl. Şeýle-de, redaksiýa ýokarda aýdylanlary öz ýurt içindäki habarçylaryna tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek hem häzirlikçe başartmady.

Eýse, hasabatyň nusgasy esasynda köpçülige ýaýradylan maglumatlaryň birinji bölüminde näme diýilýär? Nähili sanlar köpçülige mälim edilýär?

Hasabata görä, 2018-nji ýylda ýurtda doglan her 1000 çagadan 45,8-i bäş ýaşyna ýetmänkä aradan çykypdyr. Şeýle-de, Türkmenistanda – şäher ilaty bilen deňeşdireniňde – oba ýaşaýjylarynyň arasynda garyp maşgalalaryň çagalarynyň has köp ölýändigi aýdylýar. Ýöne bu barada jikme-jik maglumat berilmeýär.

Bu sanlar BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) soňky hasabatynda hem äşgär edilýär. Oňa laýyklykda, Türkmenistan bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryň arsyndaky ölüm derejesi boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň ýokary görkezijä eýedir. Bu san Täjigistanda 34,8-e, Özbegistanda 21,4-e, Gyrgyzystanda 18,9-a we Gazagystanda 9,9-a deňdir.

2011-nji ýylda 6-59 aý aralygyndaky her iki çagadan biri A witaminynyň ýetmezçiliginden ejir çekdi. Çagalaryň 7,2%-i bolsa, A witamininiň ýiti derejede ýetmezçiliginden kösendi.

2013-nji ýylda geçirilen derňewlere görä, orta mekdeplerde okaýan ýaşlaryň diňe 38%-i WIÇ infeksiýasynyň nähili ýollar arkaly ýokuşýandygy barada käbir maglumatlary bilýär. Ýaşlaryň aglabasy jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän infeksiýalaryň alamatlary we bu barada nirä ýüzlenmelidikleri hakda örän az maglumat bilýär diýip, “Türkmen.news” neşiri belleýär.

Şeýle-de, hasabatda ýurtda çaga dogýan her 1000 aýaldan 28 sanysynyň 15-29 ýaş aralygyndadygy hem aýdylýar. Bu babatda ýurt boýunça iň ýokary görkeziji Ahal, iň pes görkeziji Balkan welaýatyna degişli bolup, olar degişlilikde 46-a we 10-a deňdir.

Hasabata görä, ýurtda saglyk işgärleri ýiti derejede ýetmezçilik edýär. 2016-njy ýylda ýurtdaky pediatrlaryň sany 349-a, lukmanlaryň sany 13800-e deň bolupdyr. Bu görkeziji 2007-nji ýylda degişlilikde 315-e we 13000-e deň eken.

Azatlyk Radiosyna bu hasabat we onda görkezilýän sanlar barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden kommentariý almak başartmady.

Türkmen hökümeti ýurtda döwrebap lukmançylyk we sagaldyş merkezleriniň gurulýandygyny yzygiderli habar berse-de, saglygy goraýyş pudagyna degişli statistiki maglumatlary köpçülige aç-açan mälim etmeýär. Bu barada ýurduň Statistika baradaky döwlet komitetiniň resmi websaýtynda hem maglumat göze ilmeýär.

Azatlyk Radiosy saglyk pudagyndaky problemalar, şol sanda parahorluk, lukmanlaryň enjamlary doly güýjünde ulanyp bilmezligi, näsaglara ýalňyş diagnoz goýulmagy we olara bolmalysyndan düýpden başga bejergileriň bellenmegi ýaly wakalar barada ençeme gezek habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG