Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda toý mekanynda bolan gaz partlamasy azyndan 11 adamy öldürdi


Eýran. Toý mekany
Eýran. Toý mekany

Eýranyň Kürdistan welaýatynda toý mekanyna bolan gaz partlamasy azyndan 11 adamy öldürip, onlarça adamy ýaralady diýip, ýerli media habar berýär.

Ýurduň ýarym resmi “Mehr” habar gullugy 5-nji dekabrda Sakkez şäherindäki toý mekanynda bolan partlamada ölenleriň arasynda 5 sany çaganyň hem bardygyny aýtdy.

Habarda hadysanyň bolan ýerine “Tiz kömek” maşynlarynyň we halas ediş toparlarynyň iberilendigi aýdylýar, başga detallar açylmaýar.

Eýranyň Kürdistan welaýaty ýurduň günbatarynda, Yrak bilen araçäkde ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG