Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Eýranyň golaýdaky gozgalaňda müňden gowrak adam öldüren bolmagynyň ahmaldygyny aýdýar


Brian Hook
Brian Hook

Eýranyň howpsuzlyk güýçleriniň golaýda ýangyç bahalarynyň gymmatladylmagy üstünde turan gozgalaňlara gaýtawul berip, 1 müňden gowrak adamy öldüren bolmagy mümkin diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resmisi 5-nji dekabrda aýtdy.

"Eýrandan hakykatyň syzyp çykmagy bilen, režimiň gozgalaň başlanaly bäri müňden gowrak eýran raýatyny öldüren bolmagynyň ahmaldygy görünýär” diýip, ABŞ-nyň Eýran boýunça ýörite wekili Brian Hook Waşingtonda žurnalistlere aýtdy.

Prezident Donald Tramp Tährany protestçileri güýç bilen basyp ýatyrmakda tankytlap, Birleşen Ştatlar protestçiler bilen bile durar diýdi. Tramp bu sözleri žurnalistlere Ak tamda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik wekilleri bilen duşuşmazyndan öň aýtdy.

Eýrandaky gozgalaň 15-nji noýabrda, hökümetiň ýangyç bahalaryny 200 prosente çenli gymmatladýandygyny yglan etmegi bilen başlandy we derrew güýç bilen basylyp ýatyryldy. Gozgalaň basylyp ýatyrylýan wagtynda ýurtdaky internet baglanyşygy tasdan doly petiklendi.

Hook ABŞ resmileriniň günorta-günbatardaky Noşahr şäherinde, Eýranyň Rewolýusiýa goragçylary korpusynyň has kän esgeriniň ugradylan ýerinde, olaryň pulemýot bilen azyndan 100 adamy atyp öldürişlerini görkezýän wideony görendiklerini aýtdy.

“Amnesty International” 2-nji dekabrda gozgalaňlar basylyp ýatyrylan mahalynda azyndan 208 adamyň öldürilen diýip bilinýändigini aýtdy. Eýran häkimiýetleri ölenleriň resmi sanyny çap etmedi.

XS
SM
MD
LG