Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus bloggeri Žukowa “internetde ekstremizme meçew berendigi üçin” şertli tussaglyk berildi


"Ну камон": речь Егора Жукова после того, как суд приговорил его к условному сроку
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:44 0:00

Moskwa sudy meşhur rus bloggeri Ýegor Şukowy internetde ekstremizme meçew bermekde günäli tapyp, oňa üç ýyl şertli türme tussaglygy hökümini çykardy. Oňa garşy gozgalan jenaýat işi syýasy sebäpli diýlip ýazgaryldy.

Kuntsewo etrap sudy bu hökümi 6-njy dekabrda, Moskwanyň meşhur Ýokary ykdysadyýet institutynyň studenti Žukowyň ýüzlerçe goldawçysynyň günbatar Moskwadaky sud binasynyň daşynda toplanan wagtynda yglan etdi.

"Sud Žukowyň internet arkaly ekstremist işjeňligine açyk çagyryş edendigini anyklady” diýip, sudýa Swetlana Ukhnalewa aýtdy.

Žukow awgustda, geçen tomusda orsýetlileriň ýurduň repressiw syýasy sistemasyna garşy gurnan protestleri Moskwany gaplap alan wagtynda tussag edildi.

"Elbetde, bu gutarnykly ýeňiş däl. Hemmelere uly sagbolsun aýdýaryn” diýip, Žukow höküm yglan edileninden soňra aýtdy.

Žukow 4-nji dekabrda, sudda soňky sözüni aýtmak mükinçiligi berlende, öz goldawçylaryna ýüzlenip, hyjuwly söz sözledi we Orsýetiň syýasy sistemasyny aýyplady.

XS
SM
MD
LG