Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Minskde ýüzlerçe adam Orsýet bilen has kän garylyp-gatylmak planlaryna garşy ýörişe çykdy


Belarus protestçileri

7-nji dekabrda, Orsýet bilen mundan aňryk hem garylyp-gatylmak planlaryna protest bildirmek üçin, ýüzlerçe adam belarus paýtagty Minskde ýörişe Сykdy.

Protestçileriň köpüsi ilkinji garaşsyz belarus döwletiniň gadagan edilen gyzyl çyzykly baýdagyny göterse, beýlekileri şäheriň içinde edilen ýöriş wagtynda ÝB baýdagyny göterdi. Tussag etmeler barada häzirlikçe maglumat ýok.

Bu demonstrasiýalar Orsýetiň we Belarusyň liderleriniň iki ýurduň arasyndaky bileleşik şertnamasyny maslahatlaşmak üçin 7-nji dekabra bellenen duşuşygyna gabatlanyp, Moskwanyň mundan aňryk hem integrirlenmek baradaky basyşlaryny artdyrmagynyň arasynda gurnaldy.

Rus prezidenti Wladimir Putin bilen belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň Gara deňiz boýundaky Soçi kurortynda geçirýän duşuşygy bileleşik şertnamasynyň baglaşylmagynyň 20 ýyllygyna gabat geldi.

Bu iki ýurt 1999-njy ýylda birleşdirilen döwlet döretmek baradaky şertnama gol çekdi, emma ol iki onýyllyk soňra hem esasan kagyz ýüzünde galýar.

Minsk Orsýetden arzan ýangyç we her ýylda öz sowet döwrüne mahsus, esasan döwlet eýeçiligindäki ykdysadyýeti üçin 5 mlrd dollar çemesi möçberinde subsidia almagy bilen, Moskwa garaşly bolmagynda galýar.

Moskwa harby we ykdysady integrasiýany çaltlaşdyrmak üçin basyşy güýçlendirýär, Orsýetiň “Kommersant” gazetiniň syzyp çykan maglumatlar esasynda sentýabrda beren habaryna görä, Orsýet we Belarus 2022-nji ýyla çenli ykdysady konfederasiýa döre der.

7-nji sentýabrda Minskde ýörişe çykanlar şäher merkezindäki bulwarlarda adam zynjyryny döretdiler.


XS
SM
MD
LG