Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran we ABŞ tussag çalyşdy


Siýue Waň (Xiyue Wang)
Siýue Waň (Xiyue Wang)

Eýran bilen Birleşen Ştatlar aýlara uzan dartgynlyklardan soň, Tähran bilen Waşingtonyň arasyndaky bir böwsüş ädimi bolup biljek ylalaşyga gelip, tussaglary alyşdy.

7-nji dekabrda Eýranda tussaglykda saklanylýan Siýue Waň (Xiyue Wang), Prinston uniwersitetiniň aspiranty bilen Birleşen Ştatlarda tussaglykda saklanylýan eýranly professor Massoud Soleimani çalşyldy.

Ak tamyň beýanatynda prezident Donald Trampyň Waňyň azatlyga çykandygyny tassyklap, “ol Birleşen Ştatlara dolanyp gelýär” diýendigi aýdylýar.

Biraz öň Eýranyň prezidenti Mohammad Jawad Zarif twitterde bu alyş-çalyşyň basym amala aşjakdygyny aýtdy.

“Professor Massoud Soleimani bilen jenap Siýue Waňyň basym öz maşgalalaryna gowşup biljeginden hoşal boldum” diýip, Zarif bu ylalaşyga kömek berenlere, hususan-da Şweýsar hökümetine sagbolsun aýtdy.

Tährandaky şweýsar ilçihanasy bu ýurtda amerikan bähbitlerine hem gözegçilik edýär, ol ýerdäki ABŞ ilçihanasy 1979-njy ýylda, ýerli studentler ony eýeläp, ilçihana işgärlerini 444 günläp zamun alanlarynda ýapyldy.

ABŞ raýaty we Prinston uniwersitetiniň aspiranty Siýue Waň 2016-njy ýylda Eýranda öz ylmy işi üçin barlag geçirýän wagtynda, “bahana bilen içalyçylyk etmekde” aýyplanyp saklandy we 2017-nji ýylda 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Onuň maşgalasy we uniwersitet bu aýyplamany ret edýär.

XS
SM
MD
LG