Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nýu-Delidäki ýangynda azyndan 43 adam öldi


Ýangyny öçürmek üçin 25 sany ýangyn söndüriji awtoulag iberildi.

Nýu-Delide 8-nji dekabrda alty gat binany gaplap alan ýangynda azyndan 43 adamyň ölümine getiren zawodyň eýesiniň garşysyna jenaýat işi açyldy, ol “adam öldürmek” aýyplamasynda aýyplanýar.

Resmiler hindi paýtagtynyň köp adamly mähellesinde ýanyp ölen adamlaryň aglaba köplüginiň ýerli wagt bilen ir sagat 5 bilen 6-ynyň arasynda tutaşan ýangyn mahaly polda ýatan işçiler bolandygyny aýtdylar.

Habarlarda aýdylmagyna görä, zawodyň eýesiniň ýangyn sertifikaty hem ýok eken.

50 adamyň azyndan 16 sanysy ýangynyň bolan ýerinden halas edildi we ýerli hassahanalarda ýanykýaralaryny, dem alyş ýollaryny bejerdýärler. Olaryň köpüsiniň ýagdaýynyň durnuklydygy aýdylýar.

Ýerli ýangyn hyzmatlary gullugynyň başlygy ýangyny öçürmek üçin 25 sany ýangyn söndüriji awtoulagyň iberilendigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG