Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 10-njy dekabrda Waşingtonda döwlet sekretary Mike Pompeo bilen duşuşar. Bu barada Döwlet departamenti 9-njy dekabrda mälim etdi.
Iki ýurduň baş diplomatlary “regional we ikitaraplaýyn meseleleriň ençemesini maslahat ederler” diýip, beýanatda aýdylýar.
The Washington Post we AP gulluklary, ABŞ-nyň ýokary derejeli bir resmisine salgylanyp maglumat bermegine görä, gepleşikleriň netijesi boýunça bilelikdäki metbugat ýygnagyny geçirmek hem göz öňünde tutulýar.
Iki diplomatyň Ukraina, Siriýa, ýaraglaryň çäklendirilmegi we ABŞ-Russiýa gatnaşyklary bilen ilteşikli beýleki meseleleri maslahat etjekdigi bellenilýär.