Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mýunhende sud edilýän MAN Group kompaniýasynyň öňki ýolbaşçysy Türkmenistanda korrupsiýa işlerine gatyşmakda aýyplanýar


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Germaniýanyň dpa habar agentliginiň habar bermegine görä, “MAN Group” kompaniýasynyň öňki ýolbaşçysy Türkmenistanda korrupsiýa işlerine gatyşmakda aýyplanyp, 9-njy dekabrda Mýunhende sud edilýär.

Maglumata görä, kompaniýanyň 68 ýaşly öňki ýolbaşçysynyň 2002-2003-nji ýyllarda Merkezi Aziýadaky öňki sowet respublikalarynda hökümet resmilerine para bermekde möhüm rol oýnandygy aýdylýar.


Şeýle-de habarda prokuratura edarasynyň bu iş bilen bagly geçiren derňewlerini şu onýyllygyň başlarynda tamamlandygy habar berilýär. Ýöne sud işi ýyllaryň dowamynda yza tesdirilipdir.

Derňewe görä, türkmen resmileri wajyp bir kontrakt üçin kompaniýadan birnäçe million ýewro talap edipdir. dpa MAN-yň Türkmenistanyň Eýrana golaý araçäginde ýerleşýän ýangyç ýataklarynda tebigy gaz kompressoryny gurmaga gatnaşandygyny habar berýär. Habarda jemi 8 million ýewrodan gowrak puluň para hökmünde berlendigi aýdylýar.

Geçirilen derňewlere görä, MAN-yň aýyplanýan ýolbaşçysy türkmen resmileri bilen gelnen ylalaşyklarda para wada bermekde aýyplanýar.


Germaniýanyň metbugatynda mundan ozal Man Group kompaniýasynyň Gazagystanda korrupsiýa işlerine gatyşandygy barada habarlar peýda bolupdy.

Spiegel neşiriniň ýazmagyna görä, MAN-yň geçiriji tehnikalary boýunça bölüminiň öňki ýolbaşçysynyň 2010-njy ýylyň martynda Mýunheniň etrap sudunda bolan sud diňlenişiginde ol Gazagystanyň döwlet gaz kompaniýasynyň ýolbaşçylaryna 9 million ýewro möçberinde para berendigini boýun aldy.

Nemes neşiriniň ýazmagynda görä, 2009-njy ýylda MAN-yň edaralarynda ýurt boýunça geçirilen reýdlerden soň kompaniýanyň öňki ýolbaşçysy Hakan Samuelsson bilen bir hatarda beýleki käbir ýokary derejeli dolandyryjylar wezipelerinden çekilmäge mejbur bolupdy.

Şeýle-de, Spiegel neşiri 2010-njy ýylda MAN Group kompaniýasynyň Türkmenistandan we Özbegistandan Russiýa çekilen gaz geçirijiniň döwrebaplaşdyrylmagyna we giňeldilmegine degişli işlere ilteşigi barada habar beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG