Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

WADA Russiýany dört ýyl möhlet bilen Olimpiýadadan, möhüm çempionatlardan çetleşdirdi


Dopinge garşy Bütindünýä Agentliginiň paneli Russiýany laboratoriýa maglumatlaryny ýoýmakda aýyplaýar.
Dopinge garşy Bütindünýä Agentliginiň paneli Russiýany laboratoriýa maglumatlaryny ýoýmakda aýyplaýar.

Dopinge garşy Bütindünýä Agentliginiň, ýagny WADA-nyň dolandyryjy komiteti Russiýanyň Olimpiýa oýunlaryna we sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä çempionatlaryna gatnaşmagyna dört ýyl möhlet bilen gadagançylyk girizdi.

Bu karar Russiýanyň laboratoriýa maglumatlaryny ýoýmagyna jogap hökmünde kabul edildi.

WADA-nyň bu karary Agentligiň Barabarlygy seljerýän komitetiniň rekommendasiýasy esasynda kabul edildi. Komitet Moskwanyň laboratoriýasyndan ýanwarda alnan maglumatlaryň käbirinde “ylalaşmazlyklaryň” bardygyna ünsi çekipdi.

Russiýanyň Dopinge garşy agentligi (RUSADA) 21 günüň içinde bu karara şikaýat edip bilýär.

XS
SM
MD
LG