Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina, Russiýa ok atyşyklary bes etmek barada ylalaşdylar

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý (çepden saga), Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel. Pariž. 9-njy dekabr, 2019 ý.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý şu ýylyň aýagyna çenli Ukrainanyň gündogarynda ok atyşyklary bes etmek boýunça ylalaşdylar.

9-njy dekabrda Parižde Fransiýanyň, Germaniýanyň, Ukrainanyň we Russiýanyň liderleri Donbasda ukrain we Kreml tarapyndan goldanylýan güýçleriň arasyndaky urşy togtatmak ugrunda iş kartasyny işläp düzmek boýunça sekiz sagada golaý gepleşik geçirdiler.

Taraplar ýylyň soňuna çenli ähli tussaglary çalyşmak barada hem ylalaşdylar.

Ukrainanyň gündogaryndaky konfliktde 2014-nji ýyldan bäri 13 müňe golaý adam öldürildi.

Gepleşiklerden soň, Putin: “Hawa, biz gatnaşyklardaky maýylganlyk barada aýdyp bilýäris” diýip, çykyş etdi.

Zelenskiý bolsa: “Dialogyň açylmagy gowy boldy” diýdi.

XS
SM
MD
LG