Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Peter Handke Nobel baýragynyň gowşurylmagyny ‘boýkot’ edýär


Peter Handke
Peter Handke

Türkiýe Albaniýa we Kosowo bilen birlikde 10-njy dekabrda geçirilýän Nobel baýraklarynyň gowşurylyş dabarasyny boýkot edýändigini mälim etdi. Ankara muny 2019-njy ýylyň Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň Peter Handke berilmegine protest hökmünde etdi. Handke serbiýaly Slobodan Miloşewiçi goldamakda tankytlanypdy.

Türkiýäniň Şwesiýadaky ilçisi Stokgolmdaky baýraklaryň gowşurylyş dabarasyna gatnaşmajakdygyny aýtdy.

Geçen hepde soňy türk hökümeti Şwesiýanyň Akademiýasyna ýüzlenip, Handkeni sylaglamak baradaky kararyny üýtgetmegi sorapdy.

Kosowanyň daşary işler ministri Beghjet Pakolli Şwesiýadaky ilçisine dabarany ‘boýkot’ etmegi tabşyrandygyny aýtdy. Ol: “Miloşewiçi we onuň Bosniýadaky hem Kosowadaky gennosidini goldaýan ýazyjy Nobel baýragyna mynasyp däldir” diýdi.

Albaniýanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Gent Çakaý hem meňzeş beýanat bilen çykyş etdi.

Stokgolmyň merkezinde Handke garşy protest geçirmek üçin ýüzlerçe adamyň toplanmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG