Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çehiýanyň keselhanasynda hüjümçi alty adamy öldürdi


Ostrawanyň keselhanasy. 10-njy dekabr
Ostrawanyň keselhanasy. 10-njy dekabr

Çehiýanyň gündogaryndaky Ostrawa şäherindäki keselhanalaryň birinde hüjümçiniň ýaragdan ot açmagy netijesinde alty adam öldürildi. Bu barada çeh resmileri maglumat berýärler.

Güman edilýän şübheli, polisiýa onuň ulagyna golaýlanda, özüni atyp öldürdi.

“Bu gynandyryjy. Men muňa düşünmeýärin” diýip, çeh premýer-ministri Andreý Babiş telewideniýede çykyş etdi.

Babişiň sözlerine görä, hüjümçi golaý aralykdan keselhananyň içindäki adamlaryň kellesinden atypdyr.

Polisiýa hüjümçiniň 42 ýaşyndaky erkek kişi bolandygyny aýtdy. Onuň şahsyýeti aýdyňlaşdyrylmady.

XS
SM
MD
LG