Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwanyň öňki häkimi Lužkow aradan çykdy


Ýuriý Lužkow 1992-nji ýyldan 2010-njy ýyla çenli Moskwanyň häkimi bolupdy.
Ýuriý Lužkow 1992-nji ýyldan 2010-njy ýyla çenli Moskwanyň häkimi bolupdy.

Moskwanyň 20 ýyl töweregi häkimi bolan Ýuriý Lužkow 83 ýaşynda aradan çykdy.

Lužkowyň kömekçisi Moskwanyň ozalky häkiminiň 10-njy dekabrda Mýunheniň keselhanasynda ýogalandygyny tassyklady.

Ýerli medianyň, Lužkowyň ýakynlaryna salgylanyp beren maglumatyna görä, onuň ýüreginde operasiýa geçirilipdir we soňra onuň ýagdaýy agyrlaşypdyr.

Lužkow 1992-nji ýyldan 2010-njy ýyla çenli Moskwanyň häkimi bolupdy. Kreml ony ynamy ýitirendigi üçin, wezipesinden çetleşdiripdi.

XS
SM
MD
LG