Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina, Russiýa şu ýylyň aýagyna çenli ok atyşyklary bes etmek barada ylalaşdylar


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý (çepden saga), Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel. Pariž. 9-njy dekabr, 2019 ý.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we onuň ukrain kärdeşi Wolodymyr Zelenskiý şu ýylyň aýagyna çenli Ukrainanyň gündogarynda ok atyşyklary bes etmegi “doly we hemmetaraplaýyn berjaý etmek” boýunça ylalaşdylar diýlip, bilelikde ýaýradylan beýanatda aýdylýar.

9-njy dekabrda Parižde Fransiýanyň, Germaniýanyň, Ukrainanyň we Russiýanyň liderleri Donbasda ukrain we Kreml tarapyndan goldanylýan güýçleriň arasyndaky urşy togtatmak ugrunda iş kartasyny işläp düzmek boýunça sekiz sagada golaý gepleşik geçirdiler. Taraplar ýylyň soňuna çenli ähli tussaglary çalyşmak barada hem ylalaşdylar.

Ukrain prezidenti Zelenskiý sammitiň yzýany geçiren metbugat konferensiýasynda tussaglary çalyşmak çäresiniň 24-nji dekabrda amala aşyryljakdygyny aýtdy.

“2020-nji ýylyň mart aýynyň soňuna çenli güýçleri we tehniki serişdeleri aýyrmak maksady bilen” goşmaça üç “aýrylma territoriýasynyň” gözlenjekdigi hem, beýanatda aýdylýar.

Parižde geçirilen gepleşiklerden öň, ukrain we Moskwa tarapyndan goldanylýan harby güýçler gündogar Ukrainadaky uruş liniýasynyň çäginde ýerleşýän esasy üç gyzgyn nokatdan çykarylypdy. Bu ýerdäki konfliktde 2014-nji ýyldan bäri 13 müňe golaý adam öldürildi.

“Hawa, biz gatnaşyklaryň maýyllaşýandygy barada aýdyp bilýäris” diýip, Putin gepleşiklerden soň geçirilen metbugat konferensiýasynda aýtdy.

Şol konferensiýada çykyş eden Zelenskiý “dialogyň açylmagynyň gowy bolandygyny” belledi.

Şeýle-de, ol şu ýylyň ahyrynda wagt möhleti tamamlanýan Ukrainanyň Russiýa bilen 10 ýyllyk şertnamasy boýunça gazy tranzit etmek baradaky meseläniň hem “petiklenmesiniň açylandygyny” aýtdy.

Şol bir wagtda, ilkinji gezek ýüzbe-ýüz duşuşan Putin we Zelenskiý gündogar Ukrainada ýerli saýlawlar üçin wagt möhleti we Kiýewiň kontrollygynda bolmadyk regiondaky serhetler ýaly möhüm meseleleri çözmekde şowsuz boldular.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen bilelikde gepleşiklere araçylyk eden fransuz prezidenti Emmanuel Makron olaryň “öndümli” bolandygyny aýtdy.

“Hususan-da wagt möhleti we nobatdaky ädimler babatynda gapma-garşylykly pikirler bar. Biz bu barada örän köp maslahat etdik” diýip, Makron belledi.

Merkel Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň synçylarynyň iş möhletini uzaltmagyň zerurdygyny nygtady.

“Hakykata laýyk çemeleşilýän ähli problemalara garamazdan, men bu duşuşykdan örän razy” diýip, Merkel aýtdy.

Şeýle-de, beýanatda uruş zonasyndaky minalary aýyrmak boýunça tagallalaryň kabul ediljekdigi hem aýdylýar.

Fransiýanyň, Germaniýanyň, Russiýanyň we Ukrainanyň liderleri konflikti maslahat etmek üçin iň soňky gezek 2016-njy ýylyň oktýabrynda duşuşypdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG