Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda özüni öldürmäge synanyşyk eden soldaty şol derejä ýetiren ofiser saklandy


Husniddin Tohirow keselhana düşeginde.
Husniddin Tohirow keselhana düşeginde.

Täjigistanyň günortasyndaky Hatlon welaýatynda serhet gullugynyň ofiseri saklandy. Onuň garamagyndaky möhletli gulluk edýän esger özüni öldürmäge synanyşyk edipdir. Täjigistanyň serhet goşunlarynyň 0307-nji harby bölüminiň komendaturasynyň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji kapitan Faýzullo Rahimow gulluk wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmak hem gulluk borçlarynyň derejesini artdyrmakda aýyplanýar.

Serhetçi-ofiseriň 5 ýyldan 8 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmegi mümkin diýip, Kulýap regionynyň harby prokuraturasy Azatlyk Radiosyna mälim etdi. Prokuratura şeýle hem soldat Husniddin Tohirowyň öz janyna kast etmek synanyşygyndan soň, Faýzullo Rahimowyň garşysyna jenaýat işiniň açylandygyny tassyklady.

«Täjigistanyň serhet goşunlarynyň 0307-nji harby bölüminiň komendaturasynyň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji kapitan Faýzullo Rahimow soldat Tohirowa hem onuň bir gullukdaşyna 1000 somoni (100$ gowrak) berip, Temurmalik sebitindäki çopanlardan iki goýun satyn almagy tabşyrypdyr. Ýöne ofiseriň “buýrugyny” berjaý etmek soldatlara başartmandyr, sebäbi pul bir goýna zordan ýetýän eken. Olar telefon bilen bu ýagdaýy Faýzullo Rahimowa mälim edenlerinde, ofiseriň gaty gahary gelip, öz garamagyndaky soldatlary kemsidipdir, olary jezalandyrjagyny aýdypdyr. Ofiseriň gahar-gazabyndan gorkan Husniddin öz ömri bilen hoşlaşmak isläp, Kulýabyň bazaryndan sirke kislotasyny (uksus) satyn alyp, ony içipdir» diýip, kimdigini mälim etmezligi soran harby prokuraturadaky çeşme Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Garyndaşlarynyň sözüne görä, 22 ýaşly Husniddin Tohirow Temurmalik raýonynyň harby komissarlygy tarapyndan şu ýylyň baharynda harby gulluga çagyrylypdyr. Häzirki wagtda soldat Kulýab şäherindäki welaýat keselhanasynda, wraçlaryň gözegçiliginde bejergi alýar.

Wraç Bahtiýor Hakimowyň aýtmagyna görä, Husniddin Tohirow 2-nji dekabrda agyr ýagdaýda keselhana getirilipdir. “Häzir onuň ýagdaýy öňküsinden has ganymat. Biz soldaty halas etmek üçin, mümkin bolan çäreleri gördük” diýip, wraç aýdýar.

Husniddin Tohirowyň özi žurnalist bilen gürleşmekden ýüz öwürdi.

Husniddiniň öweý ejesi Ozodanyň aýtmagyna görä, serhetçi-soldat maşgalaly bolup, olaryň bir çagasy bar.

«Graždan azatlygy ofisi» hukuk goraýjy guramasynyň aýtmagyna görä, olara 2019-njy ýylyň 1-nji ýarymynda täjik armiýasynda ölen ýa-da maýyp bolan soldatlaryň dogan-garyndaşyndan dört arza gowşupdyr.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG