Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň Owganystana ýardam hökmünde beren ýüzlerçe million dollar möçberdäki maliýe serişdesi ýurtdaky parahorlugyň ösmegine kömek etdi diýip, öňki owgan prezidenti Hamid Karzaý 10-njy dekabrda AP neşirine beren maglumatynda aýtdy.
Karzaý bu barada “Washington Post” neşiriniň Owganystanda 18 ýyl bäri dowam edýän urşa gös-göni gatnaşygy bolan adamlar bilen geçirilen interwýulara salgylanylýan maglumatyna jogap berende aýtdy. Bu maglumatda ABŞ-nyň üç prezident administrasiýasynyň hem konflikt barada jemgyýetçilikde ýalňyş pikir döredendigi aýdylýar.
Bu dokumentlerde Owganystanda 14 ýyl prezident wezipesini ýerine ýetiren Karzaýyň ady hem agzalýar.
Ol özüniň bidüzgünçilik etmändigini aýtdy. Ýöne Karzaý öz hökümetindäki resmileriň korrumpirlenendigini inkär etmedi.
“Men bu hasabatyň çykanyna begenýärin we bu amerikan halky üçin açyş bolar hem-de Birleşen Ştatlaryň hökümeti özüniň Owganystan babatynda çemeleşişini üýtgedip başlar diýip umyt edýärin” diýip, Karzaý aýtdy.