Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow paýtagtdaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

10-njy dekabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen nobatdaky gezek tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Berdimuhamedow Bekrewe köçesiniň ugrunda gurulýan täze saglygy goraýyş desgasynyň — 130 orunlyk Ýanyk şikeslerini bejeriş halkara merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine baryp gördi.

Munuň bile birlikde, prezidentiň garamagyna 240 orunlyk köp gatly awtoduralganyň, 700 orunlyk lukmançylyk kollejiniň, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Okuw-kliniki merkeziniň, fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň taslamalary hem hödürlenildi.

Döwlet baştutany “Garagum” köpugurly işewürlik merkezli myhmanhanasyndaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen hem tanyşdy. Şeýle-de, ol “Nusaý” myhmanhanasynyň ikinji tapgyrynda, täze bäş gatly myhmanhana toplumynda alnyp barylýan işleriň barşyna üns berdi.

Resmi mediada bu desgalaryň gurluşygyna sarp edilýän maliýe serişdesi aýdyňlaşdyrylmaýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we türkmenistanlylaryň ençemesi gurluşygyna millionlarça amerikan dollary möçberde maliýe serişdesi harçlanýan desgalaryň ençemesiniň doly güýjünde ulanylmaýandygyny aýdýarlar. Olar “boş ýatan myhmanhanalaryň, sport mekdepleriniň, Medeniýet öýleriniň we beýlekileriň sanynyň sanardan köpdügini” belleýärler.

Türkmen lideri 6-njy noýabrda paýtagta iş saparyny amala aşyryp, alabaý itiniň täze heýkelini dikmegi tabşyrypdy.

XS
SM
MD
LG